- öte
- Çakdanaşa, hetdenaşa, artyk, beter, aşa, gaty.∙ Artyk ondan hem öteräk gygyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Güýçden öte güýç bardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ öte düşmek — seret öte geçmek∙ Geliň faktdan öte düşmezlik üçin, olary barmak başyp sanalyň. («Tokmak» žurnaly)∙ Nury diýer sözüm lap däl, eý eziz dostum. Ata! Nähili taryp etsem, düşmerin asyl öte! (Nury Annagylyç, Saýlana eserler)◊ öte eşitmek — Nädogry eşitmek, ýalňyş eşitmek.∙ Men onuň bu soraglaryny öte eşitdim. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)∙ Öte eşiden öý ýykar, çala eşiden --çatma. (Nakyl)◊ öte geçmek — Hetden aşmak, çenden çykmak, gereginden artyk gürlemek ýa-da hereket etmek.∙ Hoşgeldi bu gürrüňlerden Çary aganyň gazanylan üstünlige aşa baýsanç, öte geçmeýänini aňlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde)◊ öte gitmek — seret öte geçmek∙ Öte gitseň ökünersiň. (Nakyl)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.